Antalýanyň dünýä belli Lara kenarynda takmynan 7 müň inedördül metr meýdanda gum heýkelleriniň Halkara festiwaly öz işine başlady. Bu ýerde her ýyl dünýäniň birnäçe ýurtlaryndan gelen ussat çäge heýkeltaraşlary her ýyl dürli mowzuk bilen heýkelleri, eserleri döredýärler. Bu ýylky festiwalyň mowzugy “Kosmos başdan geçirmeleri” boldy.
Antalýanyň Lara kenarynda 25 sany çäge heýkeltaraşy 10 müň tonna derýa çägesini ulanyp, 200 sany kosmos temaly çäge heýkellerini ýasadylar. Bu heýkeller ýerli we daşary ýurtly jahankeşdeleri öz ünsüne çekýär.
Festiwalyň utgaşdyryjysy Jem Karaja bu çäräniň 12 aýlap dowam etjekdigini we bu ýerde täze heýkelleriň guruljakdygyny mälim etdi. Gum heýkelleriniň Halkara festiwalyna baryp görenler şol sanda heýkelleriň nähili ýasalýandygy bilen hem tanyş bolarlar.
Sebitde 200-e golaý ululy-kiçili dürli heýkeller bar. Olaryň käbiri şu ýylyň 15-nji maýyndan ýykylar we başga kosmos temaly heýkeller bilen üýtgediler. Häzirki wagta çenli bu ýere gelen myhmanlaryň sany 100 müňden geçdi.
Şöhrat AGAMYRADOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler