Dünýädäki saglyk ulgamlarynyň iň möhüm böleklerinden biri gan donorlarydyr. Şeýle-de bolsa, her kimiň gany hemmeler bilen gabat gelmeýänligi sebäpli, gan tabşyrylan halatynda zerur gan görnüşleriniň ýeterlikdigini ýa-da ýokdugyny yzygiderli gözegçilikde saklamaly. Täze gözlegler, ählumumy donor ganyny döretmäge ýardam berip biler. Bu bolsa lukmançylyk ylmynda uly öňegidişlik bolar.
Ählumumy gan her kimiň içegesinde tapylan bakterial ferment bilen mümkin bolup biler. Bu täze açyşa alymlar we lukmanlar (şeýle-de gana mätäç näsaglar) uly tolgunma bilen garaşýarlar. Gyzykly tarapy, bu üstünlik hemmeleriň diýen ýaly içegesinde tapylan bakterial fermentiň kömegi bilen mümkin bolup biler. Bu ferment, gan görnüşini kesgitlemäge kömek edýän gyzyl gan öýjüklerinden antigenleri aýryp biler.
Dürli gan toparlarynyň arasyndaky tapawutlandyryjy faktorlary ýok edip bilsek, has giňden ulanyp boljak ählumumy donor ganyny döredip bolar. Käbir bejergiler üçin gan tabşyrmagyň nähili möhümdigini göz öňünde tutsak, şeýle üstünlik lukmançylyk ulgamyny hemişelik üýtgeder.
Adamyň içegesindäki bakterial ferment – Daniýanyň Tehniki Uniwersitetiniň (DTU) we Şwesiýanyň Lund uniwersitetiniň gözlegçileri tarapyndan tapyldy. Gözlegçiler donoryň ganyny has umumylaşdyrmak üçin bir ädim ýakynlaşyp, gyzyl gan öýjüklerinden A we B antigenlerini aýyrmak üçin ferment ulandylar. Bu antigenleri ýok etmek bolsa hemmeler üçin ulanyp boljak ählumumy donor ganyny döretmäge mümkinçilik döredip biler.
Seýitmuhammet KAKAJANOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler