DABARA GEÇIRILDI

16-njy ýanwarda paýtagtymyzdaky «Mukamlar» köşgünde ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň wekilleri «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda «Arkadagyň paýhasy — Bitarap ýurduň berk binýady» ady bilen ýörite dabaraly maslahat geçirdi. Maslahatda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy, hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan ynsanperwer daşary syýasatlary, 14-nji ýanwarda milli Liderimiziň gatnaşmagynda geçirilen “Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahatyň ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Biz hem bu dabaraly maslahata gatnaşyjylaryň käbirleri bilen söhbetdeş bolduk.

Baýly Seýilow,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,

 Mejlisiň Adam hukuklaryny we  azatlyklaryny

 goramak baradaky komitetiniň agzasy.

 —  Hemişelik Bitaraplyk ýyllarynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunda ägirt uly işler amala aşyrylyp, ýeňil bolmadyk menziller geçildi. Şolaryň netijesinde bu gün Türkmenistan dünýäde ynsanperwer, adamzadyň bähbitlerine, ählumumy parahatçylyga hyzmat etjek başlangyçlary, adamzady jebisleşdirjek teklipleri öňe sürýän döwlet hökmünde ykrar edilýär.

   «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen 2020-nji ýyl hem uly üstünlikler, adyna mynasyp halkara çäreler bilen başlandy. Bilşimiz ýaly, 14-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahat geçirildi.  Ýurdumyzyň Bitaraplygynyň halkara derejede ykrar edilmeginiň 25 ýyllygynyň giňden belleniljek ýylynda guralan maslahatda  bitaraplyk ýoly bilen geçilen çärýek asyryň dowamynda gazanylanlara ser salnyp, onuň netijeleri jemlendi. Maslahatda şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly ýokary derejeli halkara maslahata taýýarlyk görmegiň meselelerine-de seredilip geçildi. Oňa gatnaşan halkara guramalaryň wekilleriniň gürrüňi edilýän maslahatyň guramaçylygyna we ony geçirmäge işjeň gatnaşjakdyklaryny nygtamaklary Türkmenistanyň bitaraplygynyň halkara ykrarynyň, oňa berilýän ýokary ähmiýetiň subutnamasydyr.

    «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçirilýän «Arkadagyň paýhasy — Bitarap ýurduň berk binýady» ady bilen medeniýet ulgamynyň wekilleriniň arasynda geçirilýän bu dabaraly maslahat milli Liderimiziň hemişelik bitaraplygyň halkara hukuk derejesinden gelip çykýan borçlar we wezipeler netijesinde alyp barýan parasatly daşary syýasatyny, geçen 25 ýylyň dowamynda ýurdumyzyň dünýä syýasatynda gazanan üstünliklerini, umuman alanyňda «Bitaraplyk» düşünjesiniň özenini wagyz etmekde, olary ýaş nesillere düşündirmekde uly ähmiýete eýedir. Dabaraly maslahatda edilen çykyşlarda hem nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatyny ýöretmek arkaly gazanan üstünlikleri, ýeten sepgitleri diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, ählumumy parahatçylygyň gazanan üstünlikleri hem ýeten sepgitleridir.

   Bu gün bitaraplyk diýmek, parahatçylyk söýüji türkmen halky diýmegi, türkmen halky diýmek bolsa ynsanperwerligi, agzybirligi, asudalygy ýörelge edinýän bitaraplyk diýmekdir. Dünýä jemgyýetçiliginde şeýle düşünjäni döredendigi, ynsanperwerligiň we milli gymmatlyklara ýokary sarpanyň nusgasyny görkezýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Goý, döwlet Baştutanymyzyň jany sag, başy dik, işleri rowaç bolsun.

   Çaryýar Seýidow,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy, kinorežissýor.

— Hormatly Prezidentimiz türkmen bitaraplygynyň sebitiň howpsuzlygy babatda ähmiýetli orun eýeleýändigini, bitaraplygyň binýatlaýyn esaslarynyň BMG-niň Merkezi Aziýany parahatçylyk we hyzmatdaşlyk zolagyna, yklymlaýyn durnuklylygyň pugta guralyna öwürmäge gönükdirilen strategik esaslara laýyk gelýändigini nygtaýar. Şu nukdaýnazardan alanyňda ýurdumyzyň bitaraplyk derejesi we hormatly Prezidentimiziň parasatly daşary syýasat ugry, ilkinji nobatda, sebitiň parahatçylygyna, ynsanperwer hyzmatdaşlygyň rowaçlanmagyna, halkymyzyň ruhy hem milli gymmatlyklarynyň dünýä medeniýetine goşant goşmagyna hyzmat edýär. Bu bolsa halkymyzyň hoşmeýilli garaýyşlaryndan, dostana ýörelgelerinden, ata-babalarymyzyň hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleriniň yzygiderli ösdürilip, häzirki zamanyň çylşyrymly şertlerinde hem mynasyp dowam etdirilýändigini görkezýär.

   Bir zady pikir edip görüň! Milli Liderimiz ýurdumyzda dürli ugurlar we ulgamlar boýunça halkara konferensiýalary, festiwallary, sport ýaryşlaryny, sergileri… yzygiderli we ýygy-ýygydan geçirmek babatda uly tagallalar edýär. Munuň üçin degişli ýolbaşçylara ýörite tabşyryklar berip, öz gözegçiliginde saklaýar. Bu ýagdaý Türkmenistanyň bitaraplyk derejesinden gelip çykýan hukuklaryndan we borçlaryndan ugur alnyp, ýurdumyzda amala aşyrylýan içeri we daşary syýasatyň dünýä jemgyýetçiligine wagyz edilmeginde, halklary parahatçylyk, asudalyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine çagyrmakda ähmiýetli orna eýedir.

   Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmegi bitaraplygyň häzirki zaman şertlerindäki ähmiýetiniň uludygyny aýdyň görkezýär. Biragyzdan kabul edilen Kararnamada, hususan-da, bitaraplyk syýasatynyň sebit we ählumumy derejede halkara parahatçylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmakda, dünýä ýurtlarynyň arasynda parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde wajyp orun eýeleýändigi nygtalýar.

    Ýurdumyz tarapyndan amala aşyrylan bu taryhy dereje şu güne çenli köp babatda döwlet ösüşiniň ähli ugruny öňünden kesgitledi. Özboluşly halkara-hukuk derejesi diňe bir uly möçberli döwlet özgertmeler maksatnamalaryny we durmuş-ykdysady özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin däl, eýsem, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, ähli ýurtlar hem-de abraýly halkara guramalar bilen özara gatnaşyklary giňeltmek üçin esas boldy. Şeýlelikde, syýasy, ykdysady, medeni, ylym-bilim we beýleki ulgamlarda giň hem-de netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda ähmiýetli orny eýelän bitaraplyk, diňe bir  umumymilli gymmatlyk däl, eýsem, tutuş adamzadyň baýlygydyr. Şeýle baýlygy gorap saklamakda, onuň eşretlerini dünýä halklary bilen paýlaşmakda amala aşyrýan bimöçber işleri üçin milli Liderimize taňryýalkasyn aýdýarys. 


Kakadurdy Täjimow,

 Türkmenistanyň halk artisti:

—Türkmenistanyň Bitaraplygy – halkymyzyň gadymyýetden gözbaş alýan parahatçylyk söýüjilik däpleriniň iň ýokary nyşanydyr. Döwletimiziň alyp barýan halkara hyzmatdaşlygy dostluk we birek-birege hormat goýmak kadalaryna esaslanýar. Bu kadalar döwlet Baştutanymyzyň baştutanlygynda iş ýüzünde gyşarnyksyz berjaý edilýär. Şeýle gatnaşyklary ösdürmek bilen, Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň asuda we abadan durmuşda ýaşamagy üçin zerur bolan syýasy şertleri döredýär. Şonuň üçin hem Bitaraplyk uzak möhletli maksatlarymyzy amala aşyrmakda esasy ýörelgelerimiziň biri bolup hyzmat edýär

   Türkmenistan bitarap döwlet hökmünde ýüze çykýan meseleleri we jedelleri çözmekde gatnaşyklaryň medeniýetiniň berkarar bolmagyny wajyp hasaplaýar. Geçen ýylyň 12-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy agza döwletleriň 73-siniň awtordaş bolmagynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamany kabul etdi.

   Görşümiz ýaly, Türkmenistan özüniň oňyn Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň şanly 25 ýyllygynyň belleniljek ýylyna parahatçylyk we döredijilik, hoşniýetli goňşuçylyk, dünýä bileleşiginiň çäklerinde dostlary hem-de hyzmatdaşlary bilen özara hormat goýmak we düşünişmek ýagdaýynda gadam basýar.

    Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Bitaraplygy häzirki döwrüň hakykaty we biziň geljegimizdir, onda ähli ugurlar boýunça giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin täze mümkinçilikler açylýar.

   Bitaraplyk – bu parahatçylyk, asudalyk, ählumumy howpsuzlyk, dostlukly gatnaşyklar, ykdysady hyzmatdaşlyk diýmekdir. Ýurduň Bitaraplygy Türkmenistana beýleki ýurtlar bilen özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmaga mümkinçilik berdi. Türkmenistan  hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Bitaraplyk derejesine laýyk daşary syýasatyny amala aşyrýan döwlet hökmünde özüni dünýä ýüzüne ykrar etdirdi. Türkmenistan netijeli daşary syýasat ýörelgesini yzygiderli durmuşa geçirýär, özüniň parahatçylyk ýörelgelerini bütin adamzadyň bähbidine hyzmat etdirmäge çalyşýar. Bu bolsa ýurdumyzyň halkara abraýyny gün geçdigiçe ýokarlandyrýar. Ata Watanymyzyň içeridir daşary syýasatynyň netijesinde bu gün Türkmenistan dünýäniň syýasy giňişliginde güýçli depginler bilen ösýän, ykdysady taýdan kuwwatly, syýasy taýdan durnukly, asuda, sebit we halkara gatnaşyklara işjeň gatnaşyjy, ynamdar hyzmatdaş hökmünde tanalýar. Bularyň ählisi milli Liderimiziň beýik başarnyklarynyň miweleridir.

    Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ýörelgelerine elmydama ygrarly ýurt hökmünde dünýäde uly abraýa eýe bolmagy ugrunda taýsyz tagalla edýän Gahryman Arkadagymyza berk jan saglygyny, ömrüniň uzak, halkymyzyň röwşen geljegi üçin alyp barýan tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok