«Serhetsiz Hazar» atly iň gowy žurnalist işi üçin XI bäsleşik başlandy

Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde «Serhetsiz Hazar» atly iň gowy žurnalist işi üçin XI bäsleşik başlandy. Bäsleşige, Türkmenistandan we beýleki Hazarýaka ýurtlardan žurnalistler gatnaşýar. Her ýyl geçirilýän bu bäsleşikde şu ýyl aşakdaky ugurlar bar:

– «FotoHazar» (Hazar sebiti ýurtlarynyň ykdysadyýet, ekologiýa, medeniýet, bilim we syýahatçylyk ugurlaryndaky döwletara hyzmatdaşlygy boýunça iň gowy fotosurat);

– «Adam we deňiz» (Hazar deňziniň ekologiýasy meselelerine bagyşlanan iň gowy bäsleşik işi);

– «Hazar deňzi ýurtlaryny açyp» (medeniýet, gözel ýerler we syýahatçylyk meselelerine bagyşlanan iň gowy bäsleşik işi);

– «Hazar deňzi saglyk mekanydyr» (sport we sagdyn durmuş ýörelgelerine bagyşlanan iň gowy bäsleşik işi);

– «Täze garaýyş» (30 ýaşa çenli bäsdeş tarapyndan islendik ugur boýunça iberilen iň gowy bäsleşik işi).

Bäsleşige Russiýa Federasiýasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Türkmenistanyň habar beriş serişdeleri, döredijilik toparlary, birleşikleri we ýazyjylary gatnaşyp bilerler. Bäsleşige gatnaşmak isleýänler elektron görnüşindäki arzalaryny 2024-nji ýylyň 1-nji iýulyna çenli kaspcontest@astrobl.ru elektron poçta salgysyna ibermelidir.

Bäsleşige 2023-nji ýylyň 12-nji iýunyndan 2024-nji ýylyň 9-njy iýunyna çenli çap görnüşindäki metbugatda, internet neşirlerinde, telewizion we radio ýaýlymlarynda çykan eserler kabul edilýär. Bäsleşigiň netijelerini jemleme we ýeňijilere hem baýrakçylara sylag gowşurma dabarasy, adatça, nobatdaky Hazar metbugat forumynyň çäginde geçirilýär.

Aýlar ROZYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok