“Beýik Pyragy!”

Beýik ady şygar bolup dillerde,
Toý tutulýar bu Berkarar illerde,
Mirasa sarpaly şanly günlerde,
Belentden ýaňlanýar döwrüň şygary,
Paýhasyň ummany Beýik Pyragy!

Gün mysaly nury düşer her ýana,
Öwütli bentleri dermandyr jana,
Nusgalyk ömürli pähimdar Dana,
Saýasynda güllär şygryýet bagy,
Paýhasyň ummany Beýik Pyragy!

Gündogara nazar kylan her kişi,
Haýran bolar görüp beýik geçmişi,
Dogry ýoly salgy bermekdir işi,
Göýä bir akylyň pähimiň dagy,
Paýhasyň ummany Beýik Pyragy!

Birkemsiz ýetirip Watan waspyny,
Mynasyp ýöredip ata kesbini,
Merdanadyr eger görseň aslyny,
Geldi bir döwlete jem bolan çagy,
Paýhasyň ummany Beýik Pyragy!

Türkmen taryhyna şöhrat getirip,
Halky üçin köp hyzmatlar bitirip,
Umyt berip, gaýgy-gamy ýitirip,
Onuň bilen öçer ýüregiň dagy,
Paýhasyň ummany Beýik Pyragy!

Gyzyla deň nesihatly jümlesi,
Söz açýandyr, halallykdan hemmesi,
Her bendinde bardyr sargydy, sesi,
Eşidenler saýgarar garany-agy,
Paýhasyň ummany Beýik Pyragy

Jemile ISMAILOWA,

Beki Seýtäkow adyndaky
mugallymçylyk mekdebiniň
talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok