Türkmenistan Aziýa Parlament Assambleýasynyň (APA) 14-nji mejlisine gatnaşdy

21-24-nji fewral aralygynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Aziýa Parlament Assambleýasynyň (APA) 14-nji mejlisine gatnaşdy. Bu mejlis Azerbaýjanyň Baku şäherinde geçirildi.

Birnäçe halkara parlament guramalarynyň ýolbaşçylarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen “Aziýada durnukly ösüş üçin sebitleýin hyzmatdaşlygy güýçlendirmek” atly sessiýa 40 ýurtdan parlament wekiliýetleri gatnaşdy.

Bu sessiýanyň çäginde Ykdysadyýet we durnukly ösüş komitetiniň mejlisinde “Aziýada energetika bazaryny döretmek hakynda”, “Daşky gurşawy goramak”, “Ykdysady ösüş tagallalaryny goldaýan maliýe meseleleri”, “Garyplygy ýok etmek hakynda”,“Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegine goldaw hökmünde APA-nyň parlamentleriň ähmiýeti”,“Aziýada hemmeler üçin suw we lagym meselesi hakynda” we “Aziýanyň howanyň üýtgemegi boýunça maliýe başlangyjy barada” kararlar we taslamalar gözden geçirildi.

Çäräniň dowamynda sebitleýin hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, ykdysady, durmuş-medeni ösüşi gazanmak babatda bilelikdäki çäreleri geçirmek, şeýle-de ylym-bilim ulgamynda, medeniýet pudagynda özara gatnaşyklary güýçlendirmek we maglumat alyşmak barada pikir alyşdylar.

Kuwwat Nurgeldiýew,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar

we Informatika Institutynyň
4-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok