Serdar Rahimow Ýewropanyň açyk çempionatynda kümüş medalyň eýesi boldy

Şu günler Polşanyň paýtagty Warşowa şäherinde dzýudo boýunça Ýewropanyň açyk çempionaty geçirilýär. Oňa Türkmenistanyň dzýudo ýygyndysy hem gatnaşýar.

Bu halkara ýaryşa dünýäniň 39 döwletinden 464 türgen gatnaşýar. Türkmenistandan, Ukrianadan, Gazagystandan, Azerbaýjandan, Gruziýadan we beýleki ýurtlardan güýçli türgenler gatnaşyp, baýrakly orunlar üçin bäsleşýärler.

Türkmenistandan gatnaşýan Serdar Rahimow erkekleriň arasynda 66 kg agramda çykyş edip, kümüş medalyň eýesi boldy. Ol bu iri sport ýaryşynyň ýarym finalynda beýik britaniýaly Hall Samueli ýeňip, finala çykdy. Finaldaky bäsdeşi Ukrainadan Nikita Goloborodka boldy.

66 kg agramdaky bäsleşikde Türkmenistandan Serdar Rahimow kümüş medal gazandy, birinji orny bolsa, Ukrainadan Nikita Goloborodka eýeledi. Şeýlelikde, Türkmenistanyň düýudo ýygyndysy 1 altyn we 1 kümüş medal gazanyp, medallaryň sanawynda Fransiýa we Italiýadan soňra 3-nji orunda barýar.

Sylap TAGANOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok