Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary Hindistanda uly ylmy-derňew işini geçirdiler.
Olar Nýu-Delidäki Hindistan Milli muzeýiniň, Rampurdaky Raza kitaphanasynyň, Bangiýa Sahitýa Parişat edebiýat jemgyýetiniň we Kalkuttadaky Aziýa jemgyýetiniň golýazmalar hem kitap gaznalaryny içgin öwrendiler we onuň netijesinde, türkmen halkynyň taryhy, medeniýeti we sungaty bilen baglanyşykly 69 golýazmany ýüze çykaryp, olaryň elektron nusgalaryny Türkmenistana getirdiler.
Bu golýazmalaryň 49-sy pars dilinde, 10-sy arap dilinde, ýene 10 sanysy-da türkmen dilinde ýazylypdyr. Magtymguly Pyragynyň we beýleki görnükli türkmen şahsyýetleriniň döredijilik mirasy, türkmen halkynyň taryhy we medeniýeti barada gymmatly ylmy maglumat berýän bu çeşmeleriň köpüsi ozal Türkmenistanda ýokdy.
Şemsat HOJAMUHAMMEDOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler