«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji aýlary dzýudo boýunça milli ýygyndy toparymyzyň türgenleri üçin aýratyn möhüm möwsüme öwrülýär. Olar öňde geçiriljek Dzýudo boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk babatda möhüm bolan halkara çärelerine, bäsleşiklerine, okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryna yzygiderli we işjeň gatnaşýarlar.
Milli ýygyndy toparymyzyň agzalary 10 ― 11-nji fewral aralygynda Wengriýa Respublikasynyň Dýor şäherinde geçirilen Ýewropanyň açyk çempionatyna gatnaşdylar. Toparda 8 türgen, 2 tälimçi, 1 luklman bar. Türgenlerimiz indi 24 ― 25-nji fewralda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde geçiriljek Dzýudo boýunça Grand-Slam halkara ýaryşyna, şeýle hem 24 ― 25-nji fewral aralygynda Polşa Respublikasynyň Warşawa şäherinde geçiriljek Ýewropanyň açyk çempionatyna gatnaşarlar.
Bu çärelere gatnaşmak üçin milli ýygyndy toparymyzyň 9 ― 27-nji fewral aralagynda dostlukly ýurtlara iş sapary dowam edýär.
Ýeri gelende belläp geçsek, bu iş saparynyň dowamynda gatnaşyljak çäreler milli türgenlerimiziň şu ýylyň maý aýynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde geçiriljek Dzýudo boýunça dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş etmekleri üçin möhüm taýýarlayk tapgyrlary bolar.
Emir MOMMYÝEW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler