Olimpiýa oýunlarynyň medallary tanyşdyryldy

Pariž şäherindäki tomusky Olimpiýa oýunlarynyň guramaçylyk komitetiniň baş edarasynda Olimpiýa oýunlarynyň we Paralimpiýa oýunlarynyň medallarynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Maglumatlara görä, baýragyň beýlekilerden esasy tapawudy, medalyň merkezinde Eýfel diňiniň şekillendirilmegidir.

1896-njy ýylda Afiny şäherinde geçirilen ilkinji häzirki zaman Olimpiýa oýunlaryndan bäri gowşurylan 36 müň 600 medalyň hemmesinden tapawutlylykda, 2024-nji ýyldaky oýunlaryň medallary (altyn, kümüş we bürünç) Parižiň esasy nyşany bolan Eýfel diňiniň bir bölegi bolan metalyň bir ülüşjigini özünde saklar.

2024-nji ýyldaky oýunlaryň guramaçylyk komitetiniň başlygy Toni Estange medallaryň özboluşly we gaýtalanmajak derejede bolmagy üçin şeýle karara gelnendigini düşündirýär.

Şaý-sepleri öndürmek boýunça ýöriteleşen we bütin dünýäde täsin döredijilik taslamalary bilen meşhur bolan «Chaumet» kompaniýasyna bu pikiri durmuşa geçirmek tabşyryldy.

Şeýlelikde, jemi 5084 medal taýýarlanyldy. Olaryň her birinde 18 gram agramy bolan Eýfel diňi ýerleşdirildi.

Maral GULAMOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok