Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
N.G.NAZARMYRADOW hakynda
Nazarmyrat Geldimyradowiç Nazarmyradowy, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň oba hojalyk ministri wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 9-njy fewraly.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Ç.P.ÇETIÝEW hakynda
Çaryýar Puriýewiç Çetiýewi Türkmenistanyň oba hojalyk ministri wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň oba hojalyk ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 9-njy fewraly.
Çaryýar Puriýewiç ÇETIÝEW
1986-njy ýylda Aşgabat şäherinde doguldy. 2012-nji ýylda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetini tamamlady. Bilimi boýunça hünäri — ýer ulanyş inženeri.
Ýokary okuw mekdebini tamamlandan soňra, 2012 — 2016-njy ýyllarda Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Ýer serişdeleri gullugynda dürli wezipelerde işledi. 2016 — 2019-njy ýyllarda Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň düzüm böleginiň baş hünärmeni. 2019 — 2022-nji ýyllarda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň düzüm böleklerinde dürli wezipelerde işledi.
2022-2023-nji ýyllarda oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri boýunça orunbasary.
2023-nji ýylyň sentýabrynda Oba hojalyk ministrliginiň Ýer serişdeleri gullugynyň bölüm başlygy wezipesine bellenildi.
2023-nji ýylyň sentýabryndan bäri Türkmenistanyň oba hojalyk ministriniň ýer serişdeleri boýunça orunbasary.
Teswirler