Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministri täzelendi

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

G.D.ORUNOW hakynda

Guwanç Döwletmämmedowiç Orunowy, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministri wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 9-njy fewraly.


Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

A.M.GELDIÝEW hakynda

Abdulla Muhammetgeldiýewiç Geldiýewi Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministri wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 9-njy fewraly.


Abdulla Muhammetgeldiýewiç GELDIÝEW

1986-njy ýylda Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde doguldy. 2013-nji ýylda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyny tamamlady. Bilimi boýunça hünäri — inžener-gurluşykçy.

Ýokary okuw mekdebini tamamlandan soňra, 2013 — 2015-nji ýyllarda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Türkmenenergogurluşyk” konserniniň “Aşgabatenergogurluşyk” gurluşyk dolandyryş edarasynyň gurluşyk ussasy wezipesinde işledi.

2015-nji ýyldan başlap Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň düzüminde dürli wezipelerde işledi.

2020-nji ýyldan bäri gurluşyk we binagärlik ministriniň orunbasary.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok