Ýaşlar — geljegi gurujylar

Ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen birlikde, bilim ulgamy döwrebap ösdürilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň geçen ýylyň ahyrynda halkymyza gowşan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby biziň esasy ýolgörkezijimiz we gollanmamyzdyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyndaky «Beýik işlere çakylyk», «Nurana geljegiň aladasynda», «Ýaşlar barada döwlet syýasatymyzyň esaslary», «Ýaşlar we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy», «Ýaşlar bilim ulgamynda», «Ýaşlygyň we ýeňişleriň ýoly», «Ýaş türkmen zenanlary — Berkarar döwletiň mertebe tugy», «Sanly dünýä: Ýaşlar. Ösüş. Geljek», «Ýaşlar we şäher gurluşygy», «Watan goragy ynamly gollarda», «Milli mirasymyzyň eýeleri: edebiýat, sungat we ýaşlar», «Halkymyzy buýsandyran hoş habarlar — Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlarymyzyň gazanan üstünlikleri» bölümlerinde jemlenen maglumatlar bu ugurda amala aşyrylan beýik işleri aýdyň şöhlelendirýär. Kitabyň sahypalarynda ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlarymyzyň bilimde, ylymda, sport äleminde, gurluşykda, oba hojalygynda, saglyk we beýleki ulgamlarda gazanan üstünlikleri giňden beýan edilýär.

Kitabyň ilkinji sahypasynda hormatly Prezidentimiziň: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýip bellemeginiň aňyrsynda ýaşlara bolan uly ynamy görmek bolýar. Eýýämden daşary döwletleriň, hususan-da, goňşy doganlyk halklaryň ýaşlarynyň hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyna uly gyzyklanma bildirmekleri buýsandyryjy ýagdaýdyr.

Täze kitap Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleriniň alyp barýan işlerini has-da guramaçylykly we täzeçil usullarda ýola goýmakda ýolgörkezijidir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, halkymyzyň belent maksatlara ýugrulan nurana geljegidir. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy dostlukly döwletleriň ýaşlar guramalary bilen özara tejribe alyşmak babatda sebit we halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny alyp barýar. Hyzmatdaşlygyň çäklerinde guramanyň agzalary daşary döwletlerde saparlarda bolýarlar, dünýä ýaşlary bilen tejribe alyşýarlar, halkara forumlara gatnaşýarlar. Şunuň bilen baglylykda, 2023-nji ýylyň möhüm wakalarynyň birine öwrülen «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň» tassyklanmagy möhüm ähmiýete eýedir.

Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaç bolsun!

Maýsa WALIÝEWA,

Daşoguz şäherindäki daşary ýurt
dillerine ýöriteleşdirilen 27-nji orta
mekdebiniň türkmen dili we
edebiýaty mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok