Italiýa Türkmenistanda ýokary tizlikli demirýol ulgamyny döretmäge gatnaşar

Italiýanyň infrastruktura we ulag ministriniň orunbasary Edoardo Riksi, “RFI” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Dario Lo Bosko we baş direktory Žanpýero Strisiuglio bilen Türkmenistanyň Italiýadaky ilçisi Toýly Kömekowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda, ýurduň Ýewropa bilen Aziýanyň çatrygynda ýerleşýändigini göz öňünde tutup, Türkmenistanda infrastruktura taslamalaryny taslamalaşdyrmakda we durmuşa geçirmekde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hususan-da, Türkmenistanda gurulmagy meýilleşdirýän ýokary tizlikli demirýol ulgamyny döretmekde hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýol gurluşygy, ýük daşamak we logistika maýa goýumlary boýunça hem pikir alşyldy. Taraplaryň özara duşuşyklary geçirmegi dowam etdirmek babatda ylalaşdylar.

Altyn HOJAGULYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok