Başgyrdystanda türkmen talyplarynyň 2 müňden gowragy okaýar

2023-2024-nji okuw ýylynda Russiýa Federasiýasynyň Başgyrdystan Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmenistanly talyplaryň sany 2020-e ýetdi. Bu bolsa GDA ýurtlarynyň arasynda iň ýokary görkezijidir.

Başgyrdystanyň uniwersitetlerinde we şahamçalarynda şu okuw ýylynyň dowamynda jemi 105 müň talyp okaýar. Türkmenistandan başga-da, Täjigistandan (1472 adam), Özbegistandan (544 adam) we beýleki goňşy ýurtlardan köp sanly talyplar okap bilim alýarlar.

Ýeri gelende belläp geçsek, Aziýadan we Afrikadan, hususan-da Hindistandan, Müsürden, Hytaýdan hem-de beýleki ýurtlardan bolan talyplar ýokary bilim almak üçin Başgyrdystan Respublikasyna gelýärler. Daşary ýurtly talyplar hem býujet esasynda, hem tölegli esasda okaýarlar.

Maýa MEREDOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok