«Lebap» sement zawodynda geçen ýyl 1 million tonna sement öndürildi

«Lebap» sement zawodynyň agzybir işgärleri zerur gurluşyk önümlerini öndürmekde ýokary başarnyk görkezýärler. Olar geçen ýyly ýokary netijelere beslediler. Has takygy, tamamlanan ýylda dürli markaly sementiň 1 million tonnadan gowragy öndürilip, iş meýilnamasy üstünlikli berjaý edildi. Önümçilikde ýerli çig mallaryň giňden peýdalanylmagy önümleriň özüne düşýän gymmatynyň peselmegine oňyn täsir edýär. Ýokary hilli önümlere daşary ýurtlular hem uly isleg bildirýärler.

Geçen ýylda goňşy Özbegistana sementiň 107,5 müň tonna golaýy eksport edildi. Zawodyň hünärmenleri üstümizdäki ýyla hem ynam bilen gadam basdylar. Olar önümleriň öndürilişini ýene-de artdyrmak, olaryň hil görkezijilerini has gowulandyrmak ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok