«Magtymguly Pyragy — adamzadyň ruhy hazynasy» atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi!

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň «Ahal durmuşy» welaýat gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde yglan edýän «Magtymguly Pyragy — adamzadyň ruhy hazynasy» atly döredijilik bäsleşiginiň

DÜZGÜNNAMASY

Bäsleşigiň maksady:

Türkmen halkynyň beýik şahyry hem akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen, 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda ýylyň şygaryny dabaralandyrmak hem-de Magtymguly Pyragynyň pähim-parasada ýugrulan şygyrlarynyň ähmiýetini açyp görkezmek, arzuwlan berkarar döwletiniň ösüşlerini wasp etmek, adamlary döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak.

Bäsleşigiň şertleri:

«Magtymguly Pyragy — adamzadyň ruhy hazynasy» atly bäsleşik türkmen halkynyň beýik akyldary hem şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dürli syýasy makalalaryň, oýlanmalaryň, çeper eserlerdir goşgularyň üsti bilen dabaralandyrmak ugurlary boýunça geçirilip, oňa Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň her bir raýaty gatnaşyp biler.

Bäsleşige gatnaşyjylar ýazýan makalalarynda, goşgularynda hem-de çeper eserlerinde Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda beýan edilýän öwüt-nesihatlaryň, adamlary ynsanperwerlige, watansöýüjilige, päk ahlaklylyga, sagdyn durmuş ýörelgelerine çagyryşyň ähmiýetini aýdyňlyk bilen açyp görkezmelidirler.

Bäsleşigiň jemini jemlemek:

Bäsleşigiň ýeňijilerini kesgitlemek üçin «Ahal durmuşy» welaýat gazetiniň redaksiýasy hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komiteti tarapyndan eminler topary düzülýär.

Ýeňijiler 2024-nji ýylyň 19-njy iýunynda eminler topary bilen ylalaşylyp kesgitleniler hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň hormat hatlary we sowgatlary bilen sylaglanar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok