Türkmen alabaýy «Merkezi Aziýa owçarkasy» atly ýaryşda çempion boldy

Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanowyň Akdus atly alabaýy, Russiýada geçirilen «Merkezi Aziýa owçarkasy» atly ýaryşda çempion boldy. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Kinologiýa federasiýasy habar berýär.

Akdus ady tatarça bolup, türkmen diline terjime edilende «Ak dost» diýen manyny berýär. Akdus heniz kiçijek güjük mahaly 2021-nji ýylda Halkara Ahalteke atçylyk hem-de Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýalarynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa sowgat berlipdi.

Ýeri gelende belläp geçsek, Russiýanyň kinologiýa federasiýasy 1991-nji ýylda döredildi hem-de kinologiýa guramalarynyň jemgyýetçilik birleşigi bolup durýar. Russiýanyň kinologiýa federasiýasy halkara kinologiýa jemgyýetçiliginde Russiýanyň ýeke-täk resmi wekili bolup durýar hem-de Russiýanyň iri itşynaslyk birleşigi hasaplanýar.

Russiýanyň kinologiýa federasiýasynyň düzümine Russiýanyň Gulluk itşynaslygy federasiýasy, Russiýanyň Awçylyk itşynaslygy federasiýasy, Russiýanyň Höwesjeňleriň itşynaslygy federasiýasy, Garaşsyz itşynaslaryň jemgyýetçilik birleşikleriniň ählirussiýa assosiasiýasy girýär. Russiýanyň kinologiýa federasiýasynyň tohum kitabynda takmynan 5,5 million it, 1 427 kinologiýa kluby, ýurduň ähli sebitinden 22 358-e golaý it saklanýan desgalar hasaba alnandyr.

Resul GURBANMYRADOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok