Daşary söwda syýasaty daşary ýurtlar bilen söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge täsirini ýetirýän çäreleriň toplumydyr. Daşary söwda milli ykdysadyýeti ösdürmek we ýerli önüm öndürijileriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin, goşmaça serişdeleri almagy üpjün edýär. Daşary söwda dolanyşygynda importyň we eksportyň düzümleýin paýy döwletara hyzmatdaşlygyň ugurlaryny, ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň barha berkeýän işewürlik gatnaşyklaryny aýdyň görkezýär.
Söwda-ulag ulgamy Hazar sebitiniň ýurtlarynyň arasynda oňyn we netijeli gatnaşyklary ösdürmekde baglaşdyryjy halka bolup hyzmat eder. Şol gatnaşyklar dostluk we birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak düzgününde ösdürilýär. Biziň döwletlerimiziň aýratynlyklary Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda çäk taýdan amatly ýerleşmeginden ybaratdyr. Bu bolsa harytlary üstaşyr ibermek, GündogarGünbatar we Demirgazyk-Günorta ugurlary boýunça söwda ýollarynyň netijeli işlemegini üpjün edýän logistika hyzmatlaryny ýerine ýetirmek babatda uly mümkinçilikleri açýar.
Häzirki wagtda ýurtlaryň her biri deňiz, awtomobil, demir we howa ýollary arkaly ýolagçylary gatnatmagyň hem-de ýükleri daşamagyň multimodal ugurlarynyň döwrebap düzümlerini döretmek boýunça iri taslamalary durmuşa geçirýärler. Hereket edýän yklymara ugurlary işjeňleşdirmek hem-de Hazaryň üstünden geçýän täze halkara geçelgeleri döretmek goňşy döwletleriň durmuş-ykdysady taýdan has-da depginli ösmegine şertleri döreder, olaryň maýa goýum taýdan özüne çekijiligini artdyrmaga, sebit we sebitara söwda ykdysady gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam berýär.
Nadira ARSLANOWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky
Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň
talyby.
Teswirler