Türkmen-rus işewürlik forumy geçiriler

2024-nji ýylyň 30-31-nji ýanwarynda paýtagymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus toparynyň 13-nji mejlisi we bilelikdäki işewürlik forumy geçirilip, oňa türkmen we rus işewür wekilleri gatnaşarlar.

Nobatdaky geçiriljek türkmen-rus işewürlik forumy iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda yzygiderli gepleşikleri geçirmegi maksat edinýär. Ýatlap geçsek, şeýle bilelikdäki forumyň ilkinjisi hem gözel paýtagtymyz Aşgabatda geçirilip, foruma Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topary gelipdi. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk türkmen-rus gatnaşyklarynyň iň möhüm bölegidir. Häzirki wagtda energetika, ulag we senagat hyzmatdaşlygy ýaly pudaklarda gatnaşyklar has-da işjeňleşýär. Däp bolan döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň subýektleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmaga aýratyn orun berilýär.

Ogulgöwher GELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky
Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň
talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok