Aşgabatda halkara maslahat we Türkmen-hytaý forumy geçiriler

Şu ýyl nusgawy türkmen şahyry we Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli “Magtymguly Pyragy we umumadamzat medeni gymmatlyklary” atly halkara ylmy maslahaty, şeýle hem 3-nji Türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyny geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada, 19-njy ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bellenilip geçildi.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl döwlet Baştutanlarynyň «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatyndaky birinji sammitiniň barşynda öňe sürlen başlangyja laýyklykda, 2023-nji ýylyň 16 – 18-nji noýabry günlerinde Türkmenistanyň Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň forumy geçirildi. Foruma Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän hünärmenler, talyp we meýletinçi ýaşlar, şeýle hem HHR-iň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň ýaş wekilleri gatnaşdy.

Forumda ýurtlaryň we halklaryň arasynda netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygyň täze mazmunly formatyny ýola goýmak, howanyň üýtgemegi, daşky gurşawyň durnuklylygy, bilim, ylym, innowasiýalar, medeniýet we sungat ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meseleler şunuň bilen birlikde, Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmekde ýaşlaryň orny bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Altynaý ORAZOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok