Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ýurdumyzyň dürli welaýatlaryndan gelen çagalara operasiýalary etmek üçin serişde bölüp berdi.
Ýakynda Arkadag şäherindäki köpugurly hassahanada oňurga kesellerinden ejir çekýän Aşgabatdan we Balkan welaýatyndan gelen çagalara tapgyrlaýyn operasiýalar geçirildi. Daşoguz hem-de Lebap welaýatlaryndan gelen doga daýanç-hereket agzalary kemisli çagalara Enäniň we çaganyň saglygyny goramak ylmy-kliniki merkeziniň hünärmenleri ortopediki we hirurgiki operasiýalary üstünlikli geçirdiler.
Mundan başga-da, Halkara lukmançylyk merkezleriniň müdirliginiň Kardiologiýa halkara merkeziniň lukmanlary Lebap, Daşoguz we Mary welaýatlaryndan dogabitdi ýürek kemisli üç çaga ýürek operasiýasyny geçirdiler.
Has çylşyrymly operasiýalardan soň kiçijik näsaglaryň ýagdaýy kanagatlanarly. Çagalaryň ene-atalary Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize ilatyň, hususan-da, ýaş nesliň saglygyny goramakda we berkitmekde aladasy hem-de ýardamy üçin hoşallyk bildirdiler.
Ýeri gelende belläp geçsek, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň uly möçberli işi netijesinde geçen ýyl iki ýüzden gowrak operasiýa töleg edildi.
Röwşen BAÝMYRADOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler