Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda, ýurdumyz ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda sazlaşykly alnyp barylýan işleriň netijesinde uly üstünliklere beslenýär. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uludan bellenilýän ýylymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp goşgusyndan ylhamlanyp, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip atlandyrylmagy agzybir halkymyzyň kalbynda egsilmez döredijilik joşgunyny döretdi. Bu ýyl diňe bir ata Watanymyz Türkmenistanda däl, eýsem, tutuş türki dünýäsinde “Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly” şygary astynda geçiriler. Bu bolsa umumadamzat gymmatlygynyň aýrylmaz bölegine öwrülen akyldar şahyrymyza goýulýan belent bahanyň nyşanydyr.
Garaşsyz ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda uly, taryhy işler günsaýyn rowaçlanýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna girmegi bu aýdylanlary aýdyňlygy bilen tassyklaýar.
Dana şahyryň döredijiliginiň dünýä dolan şöhratyny has-da dabaralandyrmak we ony giňden wagyz etmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy berkitmek babatda ýurdumyzda giň gerimli işler yzygiderli alnyp barylýar. Döwürleriň we nesilleriň ylham çeşmesi bolan beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň hormatyny arşa göterýän, eziz diýarymyzy ösüş-özgerişli aýdyň menzillere atarýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!
Nurmuhammet KADYROW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.
Teswirler