Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary Arkadagly Serdarymyzyň aladalary bilen üstünlikli jemlenen “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň dowamyny türkmen halky agzybirlikde “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna berdi. Beýik akyldaryň 300 ýyllyk şanly toýunyň bellenilmeli bu ýylynyň şahyr Magtymguly Pyragy bilen baglanyşdyrylyp dakylmagynda uly many bar.
Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly setirlerinden düzülen ýylymyzyň adynda giň mazmun jemlenýär. Beýik akyldaryň döredijiligini, türkmen halkyny bir supranyň başynda jemlemek ugrunda öňe süren ideýalaryny dünýä derejesinde ýaýbaňlandyrýan bu ajaýyp syýasatyň özi hem akyldara goýulýan çäksiz sarpanyň alamatydyr. Özüniň ajaýyp ýeňişleri, üstünlikleri bilen taryha altyn harplar bilen ýazyljak “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hem ýaşlara-da uly mümkinçilikler döredilip berilýär.
Türkmen halkyny baky bagtyýarlygyň goýnunda ýaşadýan, beýik akyldary tirsegine galdyran biz ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge giň mümkinçilikler döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, tutýan tutumly işleri rowaç alsyn.
Amangül JUMADURDYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler