Ýaş nesil hakda alada

Hemmämize mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzyň öňüsyrasynda ýiti zehininden döräp, döwet galamyndan syzylyp çykan “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitabyny peşgeş berdi. Ajaýyp eseriň “Ýaşlar bilen geljegimizi gurýarys” atly bölüminde hormatly Prezidentimiz şeýle rowaýata ýüzlenýär. Rowaýata görä, akyldarlaryň biri: “Haýsy daragt has köp wagtlap hasyl berýär?” diýip sorapdyr. Şägirtleriniň hersi bir pikiri orta oklapdyr, ýöne jogaplaryň hiç biri akyldary kanagatlandyrmandyr. “Iň bereketli hasyl nesil daragtynda bolar. Sowatly, terbiýeli, düşünjeli bir nesil ýetişdirip bilsek, halkyň onlarça asyrlyk bagtly ykbalyny kepillendirdigimizdir. Sowatly nesil geljegi sowgatly halkdyr” diýip, jogap beripdir. Hawa, şu rowaýatdan hem görnüşi ýaly Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ösüp gelýän ýaş nesliň sagdyn bedenli, giň dünýägaraýyşly, dünýäniň iň öňdebaryjy tehnologiýalaryndan baş alyp çykyp bilýän nesil kemala gelýär. Bu günki gün bagtdan paýly, ylym-bilimden serpaýly ýaş nesiller dünýä ülňülerine laýyk gelýän çagalar baglarynda terbiýelenip, umumybilim berýän orta mekdeplerde bilim alýarlar. Sporty özüne hemra edinen geljekki türgenlerimiz bolsa ýurdumyzyň dürli künjeklerinde hereket edýän sport mekdeplerine gatnaýarlar we olar bu ýerde sportuň dürli görnüşlerini kämil derejede öwrenýärler. Ejizi goldamak, mätäje kömek etmek ýaly asylly işler öz gözbaşyny gadymyýetiň çuňluklaryndan alyp gaýdýar. Merdana türkmen halkymyz ähli döwürlerde hem özleriniň ynsanperwer häsiýetini saklap gelipdir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda 2021-nji ýylyň mart aýynda “Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy” döredildi. Bu gazna öz döredilen gününden bäri ene-atanyň howandarlygyndan mahrum bolan hem-de aýratyn durmuş goldawyna mätäç ýaşajyk raýatlarymyz üçin köpsanly işler durmuşa geçirildi. Geçirilen bu işler bolsa elbetde, ýaş nesil hakynda edilýän aladalaryň bimöçberdiginden habar berýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bolsa bu gaznanyň alyp barýan işleri barasynda türkmen, iňlis we rus dillerinde täze kitap neşir edildi. Bu kitap her bir ynsany haýyr-sahawat işine çagyrýan çakylykdyr. Ýaş nesillerimiziň bagtyýarlygy we abadançylygy ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Goý, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun! Tutýan il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleri rowaçlyklara we üstünliklere beslensin!

Bahar BABAÝEWA,

Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň
mekdebe çenli bilim, terbiýe we mekdepden
daşary edaralar bölüminiň esasy hünärmeni.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok