Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde «New Language Learning Tehnologies and Innovations in Education» (Täze dil öwreniş tehnologiýalary we bilimdäki innowasiýalar) atly maslahat geçýär. Bu maslahat ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň we Bilim ministrliginiň goldawy bilen Halkara TESOL Assosiasiýasynyň guramagynda Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilýär.
8-nji ýanwarda Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Mätýu Klimounyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Milli bilim institutynyň wekilleriniň gatnaşmagynda maslahatyň açylyşy bolup geçdi. Foruma orta we ýokary okuw mekdeplerden, paýtagtymyzdaky we welaýatlardaky hususy dil merkezlerinden 250 iňlis dili mugallymy gatnaşýar. Maslahata gatnaşmak we türkmen mugallymlary bilen duşuşmak üçin, dil bilimi boýunça 6 sany amerikan hünärmeni Aşgabat şäherine geldi.
Köp formatly forumyň maksatnamasynda umumy mejlisler, interaktiw sessiýalar, mowzuky çykyşlar, şeýle hem iňlis dilini okatmagyň öňdebaryjy usullary bilen tanyşdyrylyş we ussatlyk sapaklary meýilleşdirilipdir.
Maslahata gatnaşýanlar onuň çäginde iňlis dilini öwrenmek we öwretmek işinde innowasion çemeleşmeleri, bu ugurdaky iň täze usullary we tejribeleri bilelikde ara alyp maslahatlaşarlar, şeýle hem tejribedir bilim alşarlar.
Ýeri gelende belläp geçsek, Halkara TESOL Assosiasiýasynyň ýarym asyrdan gowrak wagt bäri tutuş dünýäde ene dili iňlis dili bolmadyk halklara iňlis dilini öwretmekde kämillige ymtylýan bilermenleriň, mugallymlaryň, ylmy agtaryş işlerini geçirýänleriň, dolandyryjylaryň öňdebaryjy hünärmenler jemgyýeti bolup gelýändigini bellemelidiris. TESOL-yň türkmen paýtagtyndaky ilkinji forumy 12-nji ýanwarda öz işini tamamlar.
Jennet NOBATOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler