Türkmenistan geçen ýyl 10 müň tonna banany import etdi

Türkmenistanyň banan importy 2023-nji ýylda 10 müň 64,1 tonna deň boldy. Bu görkeziji ozalky ýyllarda, has takygy, 2017-nji ýylda 11 365,6 tonna, 2018-nji ýylda 11 müň 298,5 tonna, 2019-njy ýylda 9 müň 788,4 tonna, 2020-nji ýylda 9 müň 50,2 tonna, 2021-nji ýylda 6 müň 536 tonna, 2022-nji ýylda 11 müň 482,1 tonna barabar bolupdy. Türkmenistanyň bazarynda ýyllyk ortaça 10-11 müň tonna banan satyn alynýar.

Mundan başga-da, Türkmenistanda bananyň 1500 — 2000 gektar ýyladyşhanadaky uly önümçiligini ýola goýup, ony Özbegistana, Gazagystanyň günorta we günbatar sebitlerine, Eýranyň bize golaý sebitlerine, Owganystana, Hazar deňziniň üsti bilen Azerbaýjana we Russiýa Federasiýasyna eksport etmäge uly mümkinçilik bar.

Ýeri gelende belläp geçsek, häzirki wagtda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda «Ferhar» hojalyk jemgyýetine degişli 1 gektar, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda «Hemsaýa» hojalyk jemgyýetine degişli 5 gektar ýyladyşhanalarda banan ösüdirilip ýetişdirilýär. 2024-nji ýylda bolsa «Hemsaýa» hojalyk jemgyýetine degişli ýene bana önümçiligine niýetlenen 10 gektar ýyladyşhananyň işe başlamagyna garaşylýar.

Begenç DÖWLETOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok