Ankarada Magtymguly Pyraga bagyşlanyp Halkara ylmy maslahat geçirildi

2024-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň we Ankaranyň Sosial Ylymlar Uniwersitetiniň hem-de Türki dünýäsiniň inženerler we binagärler birleşigi bilen bilelikde Türkmenistanda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan edilmegi mynasybetli Halkara ylmy maslahat geçirildi.

Maslahata Türkiýede akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, syýasy-jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, döredijilik we ylmy intelegensiýanyň, şeýle hem KHBS-iň wekilleri gatnaşdy. Halkara ylmy konferensiýasyna gatnaşyjylar, türkmen halkynyň edebi milli hazynasynyň we dünýä medeniýetiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolan beýik akyldaryň döredijilik mirasyna ýokary baha berdiler.

Gatnaşyjylar TÜRKSOÝ-yň hemişelik geňeşiniň mejlisinde 2024-nji ýylyň «Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna hem-de Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiriljek şanly seneleriň sanawyna girizilmegi nusgawy türkmen şahyrynyň döredijiliginiň halkara derejesinde ykrar edilýändigini bellediler.

Aýgül NURYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok