Gazagystan Türkmenistandan 27,3 million dollarlyk pomidor import etdi

Tamamlanan 2023-nji ýylda Gazagystan oba hojalyk önümleriniň köp bölegini daşary ýurtlardan getirdi. Has takygy, ýurduň bazarlarynda we dükanlarynda bar bolan miweleriň we gök önümleriň 70-80 göterimine golaýyny daşary ýurtlaryň önümleri emele getirdi.

Pomidor importynyň pul hasabyndaky umumy möçberi 38,5 million dollar bolup, şonuň 27,3 million dollarlygy Türkmenistandan, 6,4 million dollarlygy bolsa, Özbegistandan getirildi. Mundan daşary Hytaýdan, Eýrandan we Russiýadan hem pomidor getirildi.

Ýeri gelende belläp geçsek, mundan ozal, “EastFruit” neşiriniň bilermenleri Türkmenistanda ýyladyşhana pomidorlarynyň öndürilişiniň ýokarlanandygyny we bu ugurda türkmen telekeçileriniň halkara bazaryndaky ornunyň giňelýändigini birnäçe gezek bellediler. 2023-nji ýylda Türkmenistandan ýyladyşhana pomidorlarynyň eksporty ýokary depginde ösmegini dowam etdirdi.

Žalaladdin IMAMOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok