Şanly ýylyň buýsanjy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mähriban halkymyz Täze — 2024-nji ýyly uly şatlyk-şowhun, ruhubelentlik bilen garşylady. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde joşgunly baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy. Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen bu ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edildi. Bilşimiz ýaly, şu ýyl diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dünýäniň ençeme döwletlerinde akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly ýagdaýda belleniler. Ýylyň adynyň hem beýik akyldaryň ady bilen baglanyşdyrylmagy halkymyzyň buýsanç duýgularyny goşalandyrdy.

Hemmämize mälim bolşy ýaly, geçen 2023-nji — Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly hem türkmen halkynyň durmuşynda üstünliklere beslenen ýyllaryň biri boldy. Çünki döwür ýaşlardan güýç alýar, ýaşlygyň joşgunyndan hyjuwlanýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly hem ýaşlaryň ukyp-başarnygyny açyp görkezmäge we ýurdumyzda ýokary derejede alnyp barylýan ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmaga has-da uly mümkinçilikleriň döredilen ýyly boldy. 2023-nji ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň agzalygyna kabul edilmegi ýatdan çykmajak waka boldy.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly halkymyz we ýurdumyz üçin düşümli, döwletli ýyl boldy, ol ýaşlarymyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak ajaýyp pursatlara beslendi. Bularyň ählisi birigip, ýaş türkmenistanlylaryň durmuş goraglylygyny, şol sanda ýokary hilli bilime elýeterliligi doly üpjün etmek boýunça geljekde-de giň möçberli çäreleriň ýaýbaňlandyryljakdygyny görkezýär. Nesip bolsa, 2024-nji ýylda-da Milli Liderimiziň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent ynamyndan ruhlanýan ýaşlarymyz ökde hünärmenler bolup, Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmäge saldamly goşantlaryny goşarlar.

Kuwwat JUMAKOW,

Aşgabat şäherindäki Demir ýol ulaglary
orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok