Nejmeddin Kubra hakyndaky türkmen hekaýasy «Kardeş kalemler» halkara žurnalynda neşir edildi

1141 – 1221-nji ýyllarda ýaşap geçen, Kubrawylar mek­de­bi­ni esas­lan­dy­ry­jy, te­bip­çi­li­ge ök­de, ez­ber küşt­çi we nak­gaş hök­mün­de halk ara­syn­da giňden tanalan gah­ry­man wa­tan­çy, Şyh Nejmeddin Kubranyň watanperwerliginden söz açýan, ýazyjy Aşyrmät Garlynyň «Jenneti gapy ýapylmasyn» atly hekaýasy  Ýewraziýa ýazyjylar birleşiginiň «Kardeş kalemler» («Gardaş galamlar») halkara  žurnalynyň 2023-nji ýylyň dekabr aýyndaky 204-nji sanynda çap edildi.

Bu taryhy hekaýany türk diline  Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşiniň hünärmeni Toýly Jänädow terjime etdi.

Munuň özi mertebesi belent hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII  gurultaýynda bu jemgyýetçilik birleşiginiň öňünde goýan ýedi wezipesiniň, hususan-da, «Ýaşlaryň dünýä dillerini düýpli öwrenmegi, edebiýat we sungat bilen giňden meşgullanmagy üçin hem ähli şertleri döretmeli» diýen 6-njy wezipesiniň, şeýle hem sanly bilim ulgamynyň döwrebap derejede ösdürmeklik, ýurdumyzyň halkara ýaşlar dialogyny pugtalandyrmaklyk, ýaş nesliň ruhy-ahlak, medeni, aň-paýhas we beden taýdan sazlaşykly ösmegini üpjün etmeklik babatdaky taýsyz tagallarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň netijesidir.

Türkmen okyjylary türkmeniň beýik şahsyýetleriniň biri bolan Nejmeddin Kubranyň  watançylygyndan söhbet açýan «Jenneti gapy ýapylmasyn» atly taryhy hekaýasyny türk dilinde «Cenneti kapı kapanmasın» görnüşinde Ýewraziýa ýazyjylar birleşiginiň «Kardeş kalemler» («Gardaş galamlar») halkara  žurnalynyň kardeskalemler.com resmi web sahypasyndan okap hem-de audio ýazgysyny diňläp bilerler. 

Allamyrat Gapurow,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok