Halkara sergi üstünlikli tamamlandy

2023-nji ýylyň 27 – 30njy dekabry aralygynda dowam eden Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanan forumyň halkara ylmy-amaly maslahaty we sergi uly üstünliklere beslendi. Ýaşlar ýylyna bagyşlanan foruma ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümleri, bagtyýar ýaşlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar.

Ýaşlar — jemgyýetimiziň geljegi. Her bir güni uly üstünlikler, milli we halkara ähmiýetli wakalar bilen şöhratlandyrylan 2023-nji ýylda hem bagtyýar ýaşlarymyz ýurdumyzyň depginli ösüşine, öňe gitmegine gönükdirilen maksatlarymyzyň üstünlikli amala aşyrylmagyna mynasyp goşantlaryny goşdular. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň jemlerine bagyşlanan bu halkara ylmy-amaly maslahat we sergi biziň ýaşlarymyzyň gazanýan üstünlikleriniň hem-de tejribeleriniň ýokary bahalara mynasyp bolýandygyny aýdyň tassyklaýar.

Gün tertibine laýyklykda, türkmen ýaşlarynyň döwlet dolandyryşynda tutýan orny, ýurduň daşary syýasaty, tehnologik ösüş, ykdysady we söwda gatnaşyklaryny ösdürmek, oba hojalygy we Türkmenistanyň energetika toplumy ýaly möhüm meselelere garaldy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda geçirilen halkara sergi öz işini üstünlikli tamamlady.

Aýjahan GULHANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok