Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda eziz ýurdumyz özüniň saýlap alan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, netijeli halkara hyzmatdaşlyk däplerine esaslanýan daşary syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar. Möhüm wakalara, şanly senelere beslenen 2023-nji ýyl dünýä derejesinde “Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” diýlip yglan edildi. Bu başlangyjyň Türkmenistan tarapyndan hödürlenmegi hem-de onuň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen tassyklanmagy ýylymyzy şöhratlandyran esasy wakalaryň biri boldy.
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan dünýä ýüzünde abraýly halkara guramalar, sebit we dünýä döwletleri bilen yzygiderli netijeli hyzmatdaşlygy berkitmek babatda netijeli işleri meýilnamalaýyn esasda durmuşa geçirmek bilen, öz parahatçylyk döredijilik güýjüni tutuş adamzadyň abadançylygynyň, gülläp ösüşiň bähbidine gönükdirýär. Ýer ýüzünde bagtyýarlygyň, abadan geljegiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ösdürmäge ýurdumyzyň ygrarlydgyny bü günki gün bütin dünýä tassyklaýar.
Watanymyzyň şöhratly abraýyny halkara derejesinde barha pugtalandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Bägül REJEPOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.
Teswirler