Hytaýly arheologlar örän seýrek tapyndynyň — ýüzi dürli şekiller bilen bezelen daşdan paltanyň üstünden bardylar. Onuň 4500 ýyl mundan ozal ulanylandygy çaklanylýar. Täsin tapyndynyň ýüze çykarylan ýerinde gadymy döwürlerde uly şäherçe ýerleşipdir.
Gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde daşdan ýaraglaryň 329-sy, ýaýyň daşdan we süňkden ýasalan oklarynyň 73-si, köp sanly keramiki gaplar tapyldy. Olaryň içinde bezegli palta has-da geňdir. Paltanyň iki tarapyna hem gaplaňyň, buludyň we guşlaryň şekilleri oýulyp çekilipdir.
Alymlar şuňa meňzeş tapyndynyň entek duş gelmändigini bellemek bilen, şekilleriň sazlaşygynyň geň galdyrýandygyny aýdýarlar. Arheologlar gadymy döwürlerde gaplaňyň şekiliniň hökmürowanlygyň nyşany bolandygyna ünsi çekýärler.
Medine BAÝMUHAMMEDOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler