Ýaşlar — Watanymyzyň beýik geljegini gurujylar

Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlara uly ynam bildirýär. Munuň şeýledigine Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlara berilýän uly üns-aladanyň, ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmekde döredilýän giň mümkinçilikleriň we amala aşyrylýan ägirt uly işleriň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris.

Ýurdumyzda «Arkadag Serdarly ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen bu ýylyň tutuş dowamynda ýaşlarymyz aýratyn üns bilen gurşalyp, olar babatdaky köptaraplaýyn aladalar has-da işjeňleşdi. Ýaşlara öz ukyp-başarnyklaryny açmagy üçin giň mümkinçilikler döredildi. Şu jähetden, olaryň özüne bildirilen ynamy, alada-ünsi ödemek ugrunda yhlas edýändiklerini nygtasyň gelýär. Ýaşlarymyz döwletiň, halkyň, Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň ynamyndan ruhlanyp, durmuşyň dürli ugurlarynda, okuwda, işde päk zähmeti, zehindir yhlasy bilen tapawutlandylar. Talyplarymyzdyr mekdep okuwçylary halkara ylym-bilim, tehnologiýalar bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň şanyna şan, şöhratyna şöhrat goşdular.

Ýaş nesliň köptaraply mümkinçiliklerini doly peýdalanmak maksady bilen işlenilip taýýarlanylan hem-de rejelenen görnüşde kabul edilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna we beýleki hukuk resminamalaryna daýanýan aladalaryň netijesinde, tamamlanyp barýan ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň agzalygyna kabul edildi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy esasynda Mary şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumy hem ýylyň möhüm ähmiýetli wakalarynyň biri boldy. Ýaşlaryň durmuşynda wajyplygy bilen tapawutlanýan bu wakalar ýurdumyzyň ýaşlar syýasatynyň halkara derejede doly goldawa eýedigini görkezýär. Ýaş nesli nurana ykbalyň eýesi eden Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize alkyşlarymyz egsilmezdir.

Rahat ATAÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň uly mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok