Halkara ylmy-amaly maslahaty we sergi öz işine başlady

27-nji dekabrda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Halkara ylmy-amaly maslahatyň we köpugurly serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Ol «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda tamamlanyp barýan ýylyň jemlerini jemleýän özboluşly çärä öwrüldi.

Forumyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiň Başlygy, Halk Maslahatyň Diwanynyň Iş dolandyryjysy, Hökümetiň agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, daşary döwletleriň hem-de halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, talyp ýaşlar we beýlekiler gatnaşdylar.

Bu möhüm çärä gatnaşmaga çagyrylan myhmanlaryň hatarynda goňşy we alysdaky birnäçe döwletleriň – Azerbaýjanyň, Italiýanyň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Fransiýanyň, halkara guramalaryň – ÝHHG-niň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, şeýle hem Halkara kuraş assosiasiýasynyň we Halkara küşt federasiýasynyň wekilleri bar.

Çäräniň dowamynda myhmanlar sergi bilen tanyşdylar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanan serginiň işi 30-njy dekabra çenli dowam eder.

Ejegül BEGDURDYÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok