Sporta täze başlan adamlar bir aý çemesi wagt bedenini öwrenişdirmeli. Bu döwürde gan damarlary, dem alyş ýollary maşk hereketlerine uýgunlaşýar. Şol sebäpli ilkibaşda hepdede üç gün sport bilen meşgullanmak talabalaýyk hasaplanýar. Üç hepdeden soňra hepdede dört gün sport bilen meşgullanmak dogry hasap edilýär.
Wagtyň geçmegi bilen bedeniň kabul edişine görä, her gün yzygiderli sport bilen meşgullanmak bolýar. Bular, esasan, türgenlere degişli. Sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýänler bolsa her gün ýeňil maşklary ýerine ýetirip bilerler. Bulara ýöremek, özüňe agram salman ylgamak we ýüzmek ýaly hereketler degişli. Her gün 15 — 20 minut ýöremek kadaly gan aýlanyş üçin möhüm hasaplanýar. Şol sebäpli hepdede 5-6 gün ýöremek maslahat berilýär.
Soňky ýyllarda sport bilen meşgullanmak üçin köp sanly türgenleşik enjamlary peýda boldy. Bedenini berkitmek isleýän adamlar türgenleşik zallaryna gatnaýarlar. Bilermenler türgenleşik zallaryna hepdede üç gün gitmegiň ýeterlikdigine ünsi çekýärler. Ýaşyňyz we bedeniňiziň agramy laýyk bolsa, hepdede 4-5 gün hem bu enjamlarda maşk edip bilersiňiz! Elbetde, şeýle enjamlarda türgenleşilende ýa-da maşk edilende, ýörite hünärmenlerden maslahat soramagy hem unutmaň!
Selbi HUDAÝBERDIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler