Ýaşlar – ýurdumyzyň güýç-kuwwaty

Her bir saba säherini dogýan nurly güneşiň astynda baky bagtyýarlygy gulaçlap garşy alýan merdana türkmen halkymyzyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly turuwbaşdan taryhy wakalara, şanly senelere beslenip heňňamlaryň gatyna altyn harplar bilen ýazylýar. Ine, şeýle taryhy wakalaryň biri-de gadymy Mary topragynda uly şatlyk-şowhuna beslenip geçilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň “Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy” atly köpöwüşginli we baý many-mazmuna eýe bolan forumydyr. Öň bir dana eger bir ýylyň aladasyny etseňiz nahal ýetişdiriň, ýüz, müň ýylyň aladasyny edýän bolsaňyz onda nesil ýetişdiriň diýip belleýär. Hawa, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda eziz Diýarymyzda sagdyn bedenli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, ylym-bilimli, öz işine ussat kämil hünärmen ýaşlar kemala gelýär. Ine, şeýle ýaşlaryň kemala gelýän ýurdunda hem şular ýaly forumyň geçirilmegi çuňňur mana eýedir. Sebäbi şeýle mümkinçilikleriň döredilýändigini, biz ýaşlaryň zehin başarnyklaryny açyp görkezmekde irginsiz işleriň amala aşyrylýandygy we ýaşlary ählitaraplaýyn goldanylýandygyny dünýä derejesinde sözüň doly manysynda äşgär edýär. Çünki Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragy hem özüniň goşgy setirinde “Magtymguly, öwüt bergin söz bile// Eşiden deň bolmaz gören göz bile” diýip belleýär. Elbetde, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly diýlip yglan edilen bu ýylymyzda ýurduň baýdak göterijileri hasaplanýan biz ýaşlar üçin amala aşyrylan işleri barmak basyp sanardan juda kän. Hut şu ýylymyzdan başlap “Arkadagly ýaşlar” atly elektron žurnalynyň döredilip başlanmagy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýetine goşulmagy, yzygiderli diýen ýaly ýaşlaryň arasynda döredijilik we ylmy bäsleşikleriň gurnalyp durulmagy aýdanlarymyza doly şaýatlyk edýär. Biziň ýurdumyz arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdy. Bu ýurtda arzuw edip, oňat yhlasly zähmet çekseň hökman arzuwyňa gowuşýarsyň. Biz ýaşlara berlen şeýle belent at bolsa ynamdan we ygrarlylykdan nyşandyr. Bildirilen ynam bolsa hökman ödelmelidir. Garaşsyz baky Bitarap Watanymyzyň röwşen geljegini biz ýaşlarda görýän Gahryman Arkadagymyzyň, “Türkmen ýaşlaryna aýratyn bil baglaýarys” diýip, bize uly ynam bildirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun! Tutýan tutmly işleri rowana ýollarda diňe rowaçlyklara beslensin!!!

Ogulsuraý SÄHETLIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
iňlis dili mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok