«Federasiýa kubogy» ýaryşyna PUBG Mobile, eFootball 24 we Tekken 7 goşuldy

Türkmenistanyň Milli elektron sport federasiýasy (TMESF) her ýylda geçirilýän «Federasiýa kubogy» ýaryşyna täze üýtgeşmeleriň girizilendigini habar berdi. Geljek ýyl bu ýaryşa ýene-de üç ugur goşular: PUBG Mobile, eFootball 24 we Tekken 7. Ýaryşa gatnaşmak üçin hasaba alnyş eýýäm federasiýanyň saýtynda açyldy.

Federasiýanyň Baş sekretary Nazar Ödemyradow TMESF-niň PUBG Mobile oýnuny işläp düzüjiler bolan «Tencent Games» kompaniýasy bilen geçiren gepleşikleriniň ýeňil bolmandygyny, ýöne ahyrky netijede Türkmenistan boýunça PUBG Mobile oýnunyň oýnalyşy barada ygtybarly statistik maglumatlary alyp bolandygyny aýtdy. Onuň bellemegine görä, PUBG Mobile ýurtda iň meşhur oýunlaryň biri bolup, onuň Federasiýanyň kubogyna goşulmagy Türkmenistanyň halkara elektron sport giňişliginde abraýyny ýokarlandyrar.

2024-nji ýylda geçiriljek ýaryşyň baýrak gaznasy 36 müň manat bolar. Bu baýrak aşakdaky görnüşde paýlanar: Dota 2 — 10 000 manat, Counter Strike 2 — 10 000 manat, PUBG Mobile — 10,000 manat, eFootbol — 3000 manat, Tekken 7 — 3000 manat. Her oýnuň ýeňijisiniň Halkara Kibersport Federasiýasynyň (IESF) howandarlygynda «World Esports Championship» çempionatynyň oýunlaryna gatnaşmaga hukuk gazanjakdygyny bellemek gerek.

Ýeri gelende belläp geçsek, «World Esports Championship» çempionaty 2024-nji ýylda Saud Arabystany Patyşalygynyň paýtagty Er-Riýadda geçiriler.

Sahymyrat AGAMYRADOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok