Londonda Magtymguly Pyraga bagyşlanan edebi agşam geçirildi

Ýaňy ýakynda  Türkmenistanyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyndaky Ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyga hem-de Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ömrine we döredijiligine bagyşlanan edebi agşam geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýty habar berýär.

Geçirilen edebi agşama türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Beýik Britaniýadaky bölüminiň wekilleri, ýurduň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan we ýaşaýan türkmen raýatlary gatnaşdylar. Olar Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeler, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasaty hem-de halkara gatnaşyklarynda öňe sürýän döwrebap başlangyçlary, Gündogaryň beýik akyldar we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi barada maglumatlar hem-de foto we wideo materiallar bilen tanyşdylar.

Şeýle hem 2024-nji ýylda Türkmenistan beýik akyldar hem şahyr Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden bellär. Uly göwrümli medeni çärelerden başga-da, Magtymguly Pyragynyň hormatyna Köpetdagyň eteginde gurlan ajaýyp ýadygärligiň dabaraly açylyşy bolar. Munuň özi, beýik türkmen şahyryň we akyldaryň baý döredijilik mirasyna häzirki nesilleriň çuňňur hormatynyň nyşany bolar.

Begmuhammet ŞÖHRATOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika

institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok