Sarahs babanyň müň ýyllygyna bagyşlanan duşuşyk

Ýaňy ýakynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň “Diller dünýäsi” okuw merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Maglumat beriş bölüminiň guramagynda türkmen halkynyň beýik şahsyýeti bolan Sarahs babanyň müň ýyllygyna bagyşlanyp duşuşyk çäresi geçirildi.

Bu çärä esasan, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Maglumat beriş bölüminiň işjeň agzalary, talyp ýaşlardyr mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Duşuşykda esasan, yslam taryhynda möhüm orny eýeleýän Abul Fazl Sarahsynyň ömür ýoly we onuň döredijiligi, onuň bilen baglanyşykly birnäçe taryhy hekaýatlardyr rowaýatlar dogrusynda birnäçe täsirli çykyşlar edildi.

Bu duşuşyk ýaş nesilleri ata Watana wepaly, öz däp-dessurlaryna hormat goýýan we öz geçmiş taryhyny bilýän kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerinde uly orun eýeledi. Aýratyn-da, taryhda uly meşhurlyk gazanan taryhy şahsyýetlerimiziň ömür ýoluny öwrenmek bu ugurda örän möhüm wezipe bolup durýar.

Hojamyrat BAÝLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok