Bitaraplyk – durnukly ösüşiň guraly

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly rezolýusiýasynda BMG ulgamy tarapyndan resmi görnüşde ykrar edildi. Taryh üçin uzak bolmadyk ýyllaryň içinde Türkmenistan oňyn Bitaraplyk derejesi bilen dünýäde ynsanperwerligi, parahatlygy, abadanlygy ýaýradyjy merkeze öwrüldi. Bitaraplygyň esasy ýörelgelerinden ugur alyp, Türkmenistan adamzadyň bähbitlerine gönükdirilen işjeň daşary syýasaty ýöredýär.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Halkara Bitaraplyk güni diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem bütin dünýäde dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Bitaraplyk hukuk derejämiz dogrusynda: “Bitaraplyk taglymaty mähriban Watanymyzyň beýik geljeginiň şänyna döredýän we gurýan merdana, bagtyýar halkymyza ýeňişleri gazanmaga ruhy güýç berýär hem-de halklaryň arasynda parahatçylygyň, özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň ýola goýulmagyna oňyn täsir edýär” diýip, örän jaýdar belläp geçýär.

Garaşsyzlygyna guwanyp, baky Bitaraplygyna buýsanyp ýaşaýan agzybir halkymyza sowulmaz döwletli döwrany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin! Şanly Bitaraplygymyzyň 28 ýyllyk baýramy gutly bolsun!

Gözel MEMETKULYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok