Bu günki gün Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan Watanymyz dünýä jemgyýetçiliginde belent sepgitlere ýetdi. Ýetilýän her bir belent sepgitler, gazanylýan ýeňişler Garaşsyzlygymyzyň hem-de Bitaraplygymyzyň şirin miwesidir.
Hoşniýetli Bitarap Watanymyz Türkmenistan 1995-nji ýylda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzalary bolup durýan döwletleriň Baştutanlarynyň Yslamabatdaky duşuşygynda Bitarap döwlet we Aziýada ylalaşdyryjy merkez hukuk derejeleriniň berilmegi baradaky teklip bilen çykyş edendigi ählimize mälim. Daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde biziň Bitarap döwletimiz , hemişelik Bitaraplyk derejämiz hormatly Prezidentimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän parahatçylyk söýüjilikli we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri hakynda makalalaryň yzygider çap edilmegi ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny netijeli halkara gatnaşyklaryna gönükdirmek arkaly toplan tejribesine dünýä bileleşigi tarapyndan içgin üns berilýändigini görkezýär. Garaşsyzlyk, Bitaraplyk bu türkmen halkynyň goşa mukaddesligi. Bu goşa mukaddeslik halky Gün kibi çoýýan ebedi baýlygymyzdyr.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda biragyzdan kabul eden Kararnamasynda “Milletler Bileleşigi Türkmenistanyň yglan eden hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyny ykrar edýär we goldaýar” diýlip bellenýär. Bu guramanyň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry “Halkara Bitaraplyk güni” diýip yglan etmegi bolsa, Garaşsyz döwletimiziň alyp barýan syýasatyna dünýä bileleşiginiň ýokary baha berýändigine şaýatlyk edýär.
Ýene-de 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71- nji maslahatynda her ýylyň 12-nji dekabryny “Halkara Bitaraplyk güni” diýip yglan etmek baradaky Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi halkara gatnaşyklarynyň we diplomatiýanyň taryhynda örän ähmiýetli waka bolup durýar. Indi Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Halkara Bitaraplyk güni bütin dünýäde uly dabara bilen bellenýär. Häzirki wagtda dünýä ýüzünde Bitaraplygy işjeň alyp barýan döwletler üçin has netijeli usullar we ugurlar açylýar. Munuň hut şeýledigini, Türkmenistanyň Bitaraplyk daşary–syýasy strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde görmek bolýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz günsaýyn özgerýär. Bu barada hormatly Prezidentimiz: “Bitaraplyk taglymaty mähriban Watanymyzyň beýik geljeginiň şanyna döredýän we gurýan merdana, bagtyýar halkymyza ýeňişleri gazanmaga ruhy güýç berýär hem-de halklaryň arasynda parahatçylygyň, özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň ýola goýulmagyna oňyn täsir edýär” diýip belleýär.
Türkmenistan oňyn Bitaraplygyň esasy ýörelgelerinden ugur alyp, sebitiň we dünýäniň halklarynyň bähbidine gönükdirilen işjeň daşary syýasaty amala aşyrýar. Hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýermek bilen, halkara giňişliginde mynasyp orny eýeleýär. Hemişelik baky Bitarap ata Watanymyz Türkmenistan döwletimiziň asudalygy, abadançylygy, parahatçylygy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Gülnäzik AGAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.
Teswirler