8-9-njy dekabrda Türkiýäniň Stambul şäherinde «TRT World Forum-2023» atly halkara forum geçirildi. Bu çärä bütin dünýäden alymlar, žurnalistler, syýasatçylar hem-de raýat jemgyýetiniň guramalarynyň wekilleri gatnaşdylat. Bu foruma ýurdumyzdan hem wekiliýet gatnaşdy.
Ýedinji forum «Bilelikde öseliň: jogapkärçilikler, hereketler we kararlar» diýen şygar astynda geçdi. Giň gerimli çärede 153 wekil çykyş etdi. Halkara gün tertibindäki möhüm meselelere bagyşlanan forum global hem-de sebit meselelerini çözmäge gönükdirildi.
«TRT World Forum-2023» Türkiýe Respublikasynyň döwlet baştutanynyň dürli temalardaky möhüm çagyryşy özünde jemleýän ähmiýetli çykyşy bilen başlandy. Forumda halkara howpsuzlygy, energetika, howanyň üýtgemegine garşy göreş, ykdysadyýet, tehnologiýa, emeli aň, metbugat we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, mundan başga-da, syýasy meseleler ýaly temalar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gülälek REJEPALYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.
Teswirler