«Altyn Asyr» öýjükli aragatnaşyk operatory täze 71 koduny işe girizdi

Türkmenistanyň «Altyn Asyr» öýjükli aragatnaşyk operatory täze 71 koduny işe girizdi. Ozal bu öýjükli aragatnaşyk operatorynda şeýle kodlaryň bäşisi — 61, 62, 63, 64 hem-de 65 hereket edýärdi.

Täze kod bilen hödürlenjek halkara formatdaky telefon belgisi +99371xxxxxx görnüşinde bolar. Täze kod ilatyň isleglerini hem-de ýüz tutmalaryny kanagatlandyrmak üçin işe girizildi. 71-lik tor kody bilen hereket edýän belgileri «Altyn Asyr» öýjükli aragatnaşyk operatorynyň ähli nokatlaryndan 10 manatdan (standart bahasy) satyn alyp bilersiňiz!

Ýeri gelende belläp geçsek, “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk kärhanasy – Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýyla çenli “Baş ugry milli maksatnamasy, Türkmenistanyň ykdysady, syýasy we medeni ugurlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň №6743 belgili karary esasynda 2004-nji ýylyň iýun aýynyň 4-ne “Türkmentelekom” Döwlet elektrik aragatnaşyk kompaniyasynyň düzümine degişli edilip döredildi. “Altyn Asyr” Ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamyny kämilleşmegi ugrunda yhlasly zähmeti bilen halkymyza hyzmat edip Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň galkynyşy döwründe öňe barýar.

Enejan ÖWLIÝAKULYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok