Türkmen-türk işewürlik maslahaty geçirildi

6-njy dekabrda ýurdumyzda Türkmen-türk işewürlik maslahaty ýokary guramaçylykly derejede geçirildi. Maslahatyň esasy meselesi geljek üçin uly mümkinçilikleri hasaba almak arkaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmekden ybarat boldy. Bu doganlyk döwletleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklary soňky ýyllarda täze mazmun bilen üsti ýetirilip, hil taýdan kuwwatly ösüş gazanýar. Şunuň ýaly işewürlik duşuşyklary ykdysady hyzmatdaşlyklary giňeltmekde has-da netijeli gural hökmünde çykyş edýär. Iki ýurduň arasynda yzygiderli artýan söwda dolanşygynyň möçberi hem bu aýdylanlara aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň binýady ýylsaýyn pugtalanýar. Geçirilen forumyň çäklerinde hem oňa gatnaşan iri türk kompaniýalarynyň ýolbaşçylary halkara derejesinde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde tanalýan Türkmenistan bilen giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny beýan etmek bilen, ýurdumyzy mundan beýlä-de ösdürmegi maksat edinýän maýa goýum taslamaryna has işjeň gatnaşmak isleýändiklerini bildirdiler.

Bu işewürlik maslahatynyň dowamynda türkmen we türk işewürleriniň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlyklary mundan beýläk-de ösdürmeklige uly mümkinçilikleri döretjek möhüm resminamalara gol çekildi. 

Didar JUMADURDYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok