AIDS keseline garşy göreşmek boýunça bütindünýä güni Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen ilkinji bütindünýä saglyk günüdir. AIW keseliniň öňüni almak üçin adamlaryň arasynda bu kesel barada wagyz-nesihat işlerini geçirmek zerurdyr. Bu keseliň bardygyny bilmezlik, bu kesel barada sowatlylygyň bolmazlygy keseliň ýaýramagyna getirip biler. AIDS keselini ýüze çykarmak boýunça gan barlaglary geçirilýär.
Biziň ýurdumyzda AIW AIDS-iň öňüni almaga döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär. Dünýäde täze ýokuşmalaryň peýda bolmagy, döwletleriň arasynda ykdysady-söwda, medeni-durmuş gatnaşyklarynyň ösmegi, ýurtdan-ýurda gelim-gidimiň artmagy ätiýaçly, eserdeň bolmaga, howply keseliň öňüni almaga ýardamly çäreleri amala aşyrmaga borçly edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen ulanylmaga berlen Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň Milli AIDS-iň öňüni alyş merkeziniň öňüni almak çärelerini netijeli we guramaçylykly geçirmäge ýardamly iň täze we kämil enjamlar, ussat hünärmenler bilen üpjün edilmegi, bu wezipäni amal etmäge doly mümkinçilik berýär. 1-nji dekabr — Bütindünýä AIDS-e garşy göreş güni mynasybetli Aşgabat şäherinde we welaýatlarda AIW AIDS-iň öňüni almak we oňa garşy göreşmek babatda ylmy-amaly maslahatlar geçirilýär.
Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek sagdyn ýaşamagyň kepilidir. Şonuň üçinem saglygymyzy gorap saklalyň!
Göwher BERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.
Teswirler