Aşgabatda iri sport baýramçylygy badalga aldy

Düýn ýagny 23-nji noýabrda, Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty badalga aldy. Bu halkara ýaryş türkmen sportunyň taryhyna nobatdaky ajaýyp sahypa bolup ýazylar.

Türkmenistanyň Kuraş federasiýasynyň berýän maglumatlaryna laýyklykda, 490-dan gowrak wekil, şol sanda 53 döwletden türgenleriň 243-si, tälimçiler, eminler we beýleki resmi adamlar bu çempionata gatnaşýar. Munuň özi ozal dürli ýurtlarda geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionatlarynyň görkezijilerinden has ýokarydyr.

Häzirki wagtda paýtagtymyzyň myhmanlary Olimpiýa şäherçesindäki «Sport» we «Türgenler» myhmanhanalarynda ýerleşdirilip, olar üçin milli myhmansöýerlik däplerimiz esasynda ýokary hilli hyzmatlar ýola goýuldy.

Şu ýerde dünýä çempionatynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi üçin degerli tagallalaryň edilendigini aýratyn belläp geçmelidir. Ýagny paýtagtymyzyň myhmanhanalarynyň işgärleriniň we sport meýletinçileriniň hünärlerini ýokarlandyrmak, meýletinçileri taýynlamak babatda ýörite işler, okuw seminarlary geçirildi. Şeýle-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary ýurduň Halkara ýaýlym merkeziniň binasynda ussat hünärmenlerdir sport kommentatorlaryndan tälim aldylar.

Hawa, sport — sagdynlygyň girewi. Sport — ruhubelentlik hem gözellik. Sagdynlygy, ruhubelentligi, gözelligi durmuşymyzyň keşbine öwren Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutumly işleri rowaç alsyn.

Paýtagtymyzda geçirilýän kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty türkmen sportuna täze ýeňişleri getirsin!

Aýna ALTYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok