Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beden taýdan taplanan, ruhubelent ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin bar bolan maddy-tehniki binýady netijeli peýdalanmak, oňa ýaşlary giňden çekmegi ýola goýmak, geçirilýän halkara ýaryşlarynda mynasyp ýeňişleri bilen döwletimiziň at-abraýyny hem şöhratyny ýokary götermek üçin dünýä derejesindäki türgenleri taýýarlamak babatda giň gerimli işler amal edilýär. Geçen taryhy döwürde öňde goýlan wezipeleri berjaý etmek, ýaş raýatlary sport we bedenterbiýe işlerine köpçülikleýin çekmek, ilatyň saglygyny berkitmek, halkara derejesinde geçirilýän sport ýaryşlaryna mynasyp türgenleri çykarmak maksady bilen ýola goýulýan şeýle uly işler göwünleri galkyndyrýar. Diňe bir welaýat merkezlerinde däl, eýsem, ähli şäherlerde, etraplarda we obalarda kämil ýagdaýda enjamlaşdyrylan, ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylan döwrebap stadionlar, sport toplumlary, sport mekdepleri, sagaldyş we dynç alyş meýdançalary gurlup ulanylmaga berilýär.
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni, sporty ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilmegi mähriban halkymyzyň saglygyny döwletimiziň milli baýlygyna deňeýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy maksatlarynyň biridir. Häzirki zaman sport ulgamlarynyň döredilmegi we ata Watanymyzyň bütin dünýäde sport ýurdy diýlip ykrar edilmegi bu ugurda gazanylan üstünlikleriň aýdyň miwesidir. Ata Watanymyz Türkmenistan halkara olimpiýa hereketini ösdürmäge mynasyp goşant goşýar, sagdyn durmuş ýörelgelerini öňe sürýär, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda sagdyn jemgyýetiň kemala gelmegi, ýaşlarymyzyň sagdyn-durmuş ýörelgelerine eýerip, ruhubelent adamlar bolup ýetişmegi ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Bu babatdaky amala aşyrylýan işlere sazlaşykly çemeleşmek maksady bilen ýola goýulýan başlangyçlaryň netijesinde ýurdumyz köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriň geçirilýän arzyly mekanyna öwrüldi. Ähli bilim ojaklarynda netijeli geçilýän bedenterbiýe sapaklarynyň iş maksatnamalarynda ýaşlaryň bedenterbiýe maşklarynyň, sportuň dürli görnüşleri hem-de olaryň inçe syrlary bilen tanyşmaklary, olaryň nazary we tejribe esaslarynyň giňişleýin öwredilmegi göz öňünde tutulan. Ýörite taýýarlykly guralýan bedenterbiýe sapaklarda dürli işjeň usullardan peýdalanylmagy, sport ýaryşlarynda tapawutlanýan ýaşlaryň höweslendirilmegi ýaşlaryň sporta bolan höwesini has-da artdyrýar.
Daýanç MYHMANKULYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler