Türkmen-eýran işewürlik maslahaty geçirildi

17 — 19-njy no­ýabr­da Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da-se­na­gat eda­ra­syn­da türkmen-eýran işewürler maslahaty geçirilip, ol iki ýurduň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga we giňeltmäge bagyşlandy. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen işewür toparlarynyň nobatdaky duşuşygy Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatda geçirilýän «Iran Prože» ýöriteleşdirilen sergisine gabatlanyldy.

Du­şu­şy­ga iki ýur­duň de­giş­li mi­nistr­lik­le­ri­niň we pu­dak eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry we hu­su­sy pu­da­gy­nyň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar. Eýran tarapynyň wekiliýetiniň düzüminde döwlet edaralarynyň, telekeçiligi goldamak boýunça guramalarynyň, şeýle hem dürli pudaklarda, şol sanda ýokary tehnologiýalar ulgamynda özleriniň işläp taýýarlamalary bilen meşhur bolan Eýranyň birnäçe iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri bar. Türkmen tarapyna esasy ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Senagatçylar we telekeçilikler birleşmesiniň agzalary bolan hususy kärhanalaryň hem-de beýleki hususy kompaniýalaryň 80-den gowragy wekilçilik etdiler.

Mej­li­siň mak­sat­na­ma­sy­na söw­da-yk­dy­sa­dy, ýan­gyç-ener­ge­ti­ka ul­gam­la­ryn­da, ulag we lo­gis­ti­ka, se­na­gat, oba we suw ho­ja­lyk, ma­ýa go­ýum we stan­dart­laş­dy­ryş pu­dak­la­ryn­da­ky iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry­nyň mö­hüm me­se­le­le­ri gi­ri­zil­di, şeý­le-de Hö­kü­me­ta­ra to­pa­ryň 16-njy mej­li­si­niň çöz­güt­le­ri­niň ama­la aşy­ry­ly­şy­nyň gi­di­şi sel­je­ril­di. Şeý­le hem güm­rük ser­he­din­de hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek, bi­le­lik­dä­ki ser­het güm­rük eda­ra­la­ry­ny dö­ret­mek ýa­ly bir­nä­çe mö­hüm me­se­lä­ni ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar.

Forumyň çäklerinde iki goňşy ýurduň dürli pudaklaýyn edaralarynyň hem-de işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda duşuşyklar geçirilip, olaryň barşynda täze gatnaşyklar ýola goýuldy we degişli resminamalara gol çekildi.

Maksat ANNAGURBANOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok